Bagyşla, ýüregim
Bagyşla, ýüregim,
Bagyşla meni!
Seni köp süteme sezewar etdim.
Geldi-geçer duýga aldyryp seri,
Mähir-muhabbete seni zar etdim.
Adam ataň ýalňyşlygyn gaýtalap,
Ynandym erkiňi yrga ellere.
Öz dyrnaklaryndan bilmänsoň aýap,
Estafeta ýaly, kesekilere
Geçirip gitdiler, howlugyp birýan.
Sen bolsa garaşdyň umydyň bile.
Men seniň saglygňy eýledim girýan,
Sende ýok sözleri getirip dile.
Bagyşla, ýüregim,
Bagyşla meni!
Dost bolup müň ýaşly pelsepelere,
Kösedim, gynadym ýaşlykdan seni,
Derdiňi döndürip enterpelege.
Saňa ýylanjaklar seni ýakdylar,
Gitdiler. Oduňy söndürmediler.
Soň alysdan ýanyşyňa bakdylar,
Özi öler diýip öldürmediler.
Sen sessiz agladyň, ümsüm agyrdyň,
Pyşyrdaý